Russiýa we BAE sesiň tizliginden çalt uçýan uçaryň üstünde işlärler

Russiýa we BAE, sesiň tizliginden çalt uçýan ýolagçy uçaryň üstünde işlemek üçin bilelikde kärhana gurarlar

1588493
Russiýa we BAE sesiň tizliginden çalt uçýan uçaryň üstünde işlärler

Sputnik tarapyndan berilen habara görä, Russiýanyň Senagat we Söwda ministri Denis Manturow mesele bilen bagly beýanat berdi. 

Denis Manturow, bilelikde dörediljek kärhananyň gurmak işleriniň BAE tarapyndan ýurdyň gaznasy, rus tarapyndan bolsa hökümetiň gözegçiligindäki Birleşen awiagurluşyk kompaniýasy tarapyndan alynyp baryljakdygyny mälim etdi. 

Denis Manturow, taraplaryň täze karhananyň gymmat bahaly kagyzlary nähili derejede bölüşjekdigini entek kesgitlemändigini habar berdi. 

Rus ministr mundan başgada, uçaryň nämä meňzejekdigini şu ýylyň ahyryna çenli kesgitlenmegine garaşýandyklaryny aýan etdi. 

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, 2018-nji ýylyň ýanwar aýynda beren beýanatynda, rus bombalaýjy uçary Tu-160-dan ylham alynyp, sesiň tizliginden çalt uçýan ýolagçy uçaryň öndürilmegi meselesini gün tertibe getiripdi. 



Degişli Habarlar