Hindistanda ýolagçy awtobusy suwly kanala gaçdy

Hindistanyň Madhýa Pradeş ştatynda ýolagçy awtobusynyň suwly kanala gaçmagy netijesinde 40 adam ýogaldy

1584644
Hindistanda ýolagçy awtobusy suwly kanala gaçdy

Ýurdyň metbugatynda berilen habarlara görä, resmiler Madhýa Pradeş ştatynyň Sidhi sebitiniň Patna obasynyň golaýynda içinde azyndan 46 adam bolan ýolagçy awtobusynyň köprüden suwly kanala gaçandygyny habar berdiler. 

Awtobus heläkçiliginde 40 adamyň ýogalandygyny aýdan resmiler, 6 adamyň bolsa halas edilendigini mälim etdiler. 

Hadysa bilen baglanşykly derňew işi başladyldy. 

Hindistanda standartlara laýyk gelmeýän ýollar, köne ulaglar, gereginden artyk ýolagçy daşaýan awtobuslar we ünssiz sürüjiler sebäpli başdan geçirilýän ulag heläkçiliklerinde her ýyl 100 müňden gowrak adam ýogalýar.


Etiketkalar: #Hindistan , #kanal , #awtobus

Degişli Habarlar