Jo Baýden we Si Siznpin telefon arkaly söhbetdeş boldylar

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, Hytaýyň Döwlet baştutany Si Szinpin bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1581704
Jo Baýden we Si Siznpin telefon arkaly söhbetdeş boldylar

Ak Tamdan berilen beýanata görä, Jo Baýden Si Szinpine Amerikan halkynyň howpsuzlygyny we durnuklylygyny goramak bilen Hindi-Ýuwaş umman sebitiniň erkin we açyk galmagyny üpjün etmek babatyndaky tutanýerliligini belläp geçdi. 

Beýanatda: "Prezident Jo Baýden, Pekiniň basyş ediji we adalatly bolmadyk ykdysady göçümleri, Gonkongdaky basyşlary, Sinjan Uýgur Awtanomiýasyndaky adam hukuklarynyň düzgün bozmalary we Taýwan bilen birlikde sebitde artan talaplaryna bolan aladalaryny belläp geçdi" diýip habar berildi. 

Beýanata görä iki lider, koronawirusa garşy göreş, global saglygy goraýyş howpsuzlygy, klimat çalşygy we ýaraglaryň ýaýbaňlanmagynyň öňüniň alynmagy ýaly meseleler boýunça pikir alyşdylar. 

Baýdeniň Hytaý bilen gatnaşyklarda Amerikan halkynyň bähbitlerini göz öňünde tutup, amaly we netijelere gönükdirilen pozisiýa eýelejekdigini nygtap geçdi. 



Degişli Habarlar