Hytaý ABŞ-na nägilelik bildirdi

Hytaý ABŞ-nyň Harby-deňiz güýçlerine degişli iki awianoses (Uçargöter) gämisiniň Günorta Hytaý deňizinde harby türgenleşik geçirmegine nägilelik bildirdi

1580553
Hytaý ABŞ-na nägilelik bildirdi

Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Wang Wenbin, gündelik metbugat ýygnagynda beren beýanatynda: "ABŞ Günorta Hytaý deňizinde güýjüni görkezmek üçin dowmly häsýetde gämilerini we howa ulaglaryny ulanýar. Bu sebitdäki parahatçylyga we asudalyga kömek berjek bir pozisiýa däldir" diýip belledi. 

Wang Wenbin, Hytaýyň milli özygtyýarlylygyny we howpsuzlygyny tutanýerli ýagdaýda goramak üçin gerek bolan ädimleri etjekdigini we Günorta Hytaý deňizinde parahatçylygy we asudalygy gorap saklamak üçin sebitiň ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk etjekdigini mälim etdi. 

Wang Wenbin, Fransiýanyň harby-deňiz güýçlerine degişli iki gäminiň Günorta Hytaý deňizinde nawigasiýasyz hereket etmegi bilen bagly soraga hem şol sözleri bilen jogap berdi. 

ABŞ-nyň Harby-deňiz güýçlerine degişli USS Teodor Ruzwelt we USS Nimitz uçargöter gämileri we olara degişli toparlar Günorta Hytaý deňizinde harby türgenleşik geçiripdiler. 



Degişli Habarlar