Germaniýa, Şwesiýa we Polşa, Russiýadan Aryny Aldy

Germaniýa, Şwesiýa we Polşa, Russiýanyň kabul eden kararyna garşylyk görkezdi

1579748
Germaniýa, Şwesiýa we Polşa, Russiýadan Aryny Aldy

 

Germaniýa, Şwesiýa we Polşa ýurtlarynda işleýän her biri bir diplomady “islenmeýän adam” hökmünde yglan etdi.

Germaniýanyň Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, 1961-nji ýylyň 18-nji aprelinde kabul edilen Diplomatik gatnaşyklar hakyndaky Wena şertnamasynyň 9-njy maddasyna laýyklykda Russiýanyň Berlindäki ilçihanasynda işleýän bir diplomadyň “islenmeýän adam” hökmünde yglan edilendigi nygtaldy.

Beýannamada, şeýlelikde nemes hökümetiniň 5-nji fewralda Russiýanyň kabul eden kararyna garşylyk görkezendigi bellenildi.

Şwesiýa hem, Russiýanyň, Şwesiýadaky ilçihanasynda işleýän bir rus diplomady “islenmeýän adam” hökmünde yglan etdi.

Şwesiýanyň Daşary işler ministri Ann Linde mesele hakynda beren beýannamasynda, bir rus diplomady “islenmeýän adam” hökmünde yglan edendiklerini nygtap, “Russiýa, bize başga ýol goýmady” diýdi.

Polşanyň Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada bolsa, Rus konsullygynda işleýän bir diplomadyň ýurtdan çykarylmagy hakynda kararyň kabul edilendigi ýatladyldy.

Russiýanyň Daşary işler ministrligi 5-nji fewralda rus oppozisioner Alekseý Nawalnyýa goldaw üçin geçirlen ýörişlere gatnaşandyklary sebäpli Germaniýanyň, Polşanyň we Şwesiýanyň ilçihanalarynyň her birinden bir diplomadyň ýurtdan çykarylmagy hakynda karar kabul edipdi.



Degişli Habarlar