“Russiýanyň Agresiw Tutumlaryna ABŞ-nyň Boýun Egen Günleri Yzda Galdy”

Baýden prezident hökmünde ilkinji iş saparyny Döwlet sekretarlygyna gurady

1577643
“Russiýanyň Agresiw Tutumlaryna ABŞ-nyň Boýun Egen Günleri Yzda Galdy”

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, Saud Arabystanyna Ýemendäki söweş üçin berýän harby goldawyny çekendiklerini aýtdy.

Baýden prezident hökmünde ilkinji iş saparyny Döwlet sekretarlygyna gurady.

Jo Baýden Döwlet sekretarlygynda eden çykyşynda “diplomatiýa gaýdyp geldi” diýdi.

ABŞ-nyň halkara diplomatiýa tagallalaryny güýçlendirip, meseleleriň çözülmeginde diplomatiýa uly ähmiýet berjekdigini ýatladan Baýden, bu meselede Döwlet sekretary Antony Blinkine we toparyna ynam bildirýändigini aýtdy.

Ozalky Prezident Donald Tramp döwrüne ünsi çekip, “Russiýanyň agresiw tutumlaryna ABŞ-nyň boýun egen günleri yzda galdy” diýen Baýden, rus oppozisioner Alekseý Nawalnyýyň gyssagly we şertsiz boşadylmalydygyny belledi.

Germaniýadaky esgerleriň yzyna çekilmegi etabyny bolsa saklandygyny aýdan Jo Baýden, ýurdunyň Ýemendäki söweşde Saud Arabystanyna berýän harby goldawyny hem çekendiklerini ýatlatdy.

Ýemen meselesine uly ähmiýet berýändiklerini nygtan Baýden, Saud Arabystanyna ýarag satuwynyň hem saklanandygyny belledi.



Degişli Habarlar