Hatemi: "ABŞ we Ysraýyl täsirini artdyrmak üçin terrory enjam hökmünde ulanýar" diýdi

Eýranyň Goranmak ministri Emir Hatemi, ABŞ-nyň we Ysraýylyň täsirini artdyrmak üçin terrory enjam hökmünde ulanýandygyny habar berdi

1577355
Hatemi: "ABŞ we Ysraýyl täsirini artdyrmak üçin terrory enjam hökmünde ulanýar" diýdi

Eýranyň Goranmak ministrliginden berilen beýanata görä, Emir Hatemi, Hindistanyň Bangalore şäherindäki Hindi okeanyna Kenardaş ýurtlaryň Goranmak ministrleriniň maslahatyna gatnaşdy. 

Ol ýerde eden çykyşynda, Eýranyň Hindi okeanyny dünýä açylan aragatnaşyk gapysy hökmünde garaýandygyny aýdan Hatemi, kenardaş ýurtlaryň okeanyň baýlyklaryndan adalatly derejede peýdalanmalydygyny beýan etdi. 

Eýranly serkerde Kasym Süleýmani bilen Yragyň Haşdi Şabi söweşijileriniň başlygynyň orunbasary Abu Mehdi al-Mühendisiň ABŞ tarapyndan guralan hüjümde öldürilmeginiň hem üstünde durup geçen Hatemi: "ABŞ we Ysraýylyň sionist hökümeti pursat tapan mahallary terrory täsirini artdyrmak üçin enjam hökmünde ulanýar" diýip mälim etdi. 


Etiketkalar: #terror , #ABŞ , #Ysraýyl , #Eýran

Degişli Habarlar