ABŞ Ylalaşyga Dolanmak Isleýär

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Antony Blinken, Eýran bilen baglaşylan  ýadro  şertnamasyna dolanyp barmak isleýändiklerini aýtdy

1575611
ABŞ Ylalaşyga Dolanmak Isleýär

Döwlet sekretary Blinken “NBC” teleýaýlymyna gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary boýunça beýannama berdi.

Eýran bilen 2015-nji ýylda baglaşylan we ozalky hökümetiň 2018-nji ýylda çekilen ýadro şertnamasy hakyndaky soraga jogap beren Blinken, Eýran şertleri ýerine ýetiren halatynda, ABŞ-nyň şertnama dolanmak isleýändigini belledi.

Blinken Eýranyň, ABŞ we hyzmatdaşlary bilen ýadrodan daşary başga birnäçe meseläni öz içine aljak giň gerimli we uzak möhletli şertnama üçin stoluň başyna oturmalydygyny nygtady.



Degişli Habarlar