Koronawirus epidemiýasy dünýä derejesinde howply bolmagynda galýar

Dünýäde koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany 75 million 159 müň adamdan geçdi

1574997
Koronawirus epidemiýasy dünýä derejesinde howply bolmagynda galýar

Dünýä derejesinde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 2 million 238 müň 513 adama ýetdi. Dünýäde wirusa ýoluganlaryň sany 103 million 557 müň adamdan, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 75 million 159 müň adamdan geçdi. 

Hindistanda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 154 müň 428 adama ýetdi. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 10 million 758 müň adamdan geçdi. 

Russiýada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 1 günde 437 adam artyp, jemi 73 müň 619 adama ýetdi. Ýurtda şol wagt aralygynda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 17 müň 648 adam artyp, 3 million 868 müň adama ýetdi. 

Epidemiýa sebäpli 4 müň 636 adamyň ýogalan Hytaýda, wirus ýokanlaryň sany soňky 1 günde 42 adamlyk artyş bilen 89 müň 564 adama ýetdi. 

Omanda Kowid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1 müň 529 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 134 müň 326 adama ýetdi. 

Epidemiýa sebäpli 1833 adamyň ýogalan, 158 müň 962 adamyň hasaba alynan Palestinada, ýurdyň Saglygy goraýyş ministrligi Ysraýylda 5 müň sany Kowid-19 sanjymynyň basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeria barmandygyny habar berdi. Ysraýylyň Goranmak ministri Beni Gansyň ofisinden düýn berilen ýazmaça beýanatda, 5 müň doza Kowid-19 sanjymynyň Palestina ugradylmagyny tassyklandygyny mälim edipdi. 

Gazagystanda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 1 günde 7 adam artyp, 2 müň 556 adama ýetdi. Ýurtda soňky 24 sagatda wirusa ýoluganlaryň sany 1259 adam artyp, 187 müň 970 adama ýetdi. Gazagystanda 18-65 ýaş aralygyndaky adamlara koronawirusa garşy köpçülikleýin sanjym tapgyry başladyldy. 



Degişli Habarlar