Bagdatda Guralan Hüjümden Terror Guramasy DAIŞ Jogapkär

Hüjümde 32 adam ýogalypdy, 110 adam hem ýaralanapdy

1568743
Bagdatda Guralan Hüjümden Terror Guramasy DAIŞ Jogapkär

Yragyň Içeri işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Halid Mihanna, paýtagt Bagdatda düýn guralan hüjümden terror guramasy DAIŞ-iň jogapkärdigini aýtdy.

Halid Mihanna, Bagdatda ýerli televideniýe kanalyna, 32 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan hüjüm hakynda beýannama berdi.

Bazar ýerini nyşana alan hüjümiň terror guramasy DAIŞ tarapyndan guralandygyny öňe süren Mihanna, “Partlamanyň arkasynda jogapkärçiligini öz üstüne almasada DAIŞ bar. Bu partlama bilen DAIŞ henizem öz işini dovam etdirýändiginiň ýüzlenmesini bermek isledi”

Yragyň paýtagty Bagdadyň merkezi Taýaran meýdanynda bazar ýerinde düýn yzly yzyna iki partlama bolupdy.

Hovpsyzlyk güýçleri, hüjümde 32 adamyň ýogalandygyny, 110 adamyň hem ýaralanandygyny mälim edipdi.


Etiketkalar: #terror guramasy , #DAIŞ , #jogap , #Yrak

Degişli Habarlar