Baýden Musulman Ýurtlara Goýlan Wiza Gadagançylygyny Bes Eder

Baýdeniň başga-da birnäçe karary bes etjekdigi habar berilýär

1565561
Baýden Musulman Ýurtlara Goýlan Wiza Gadagançylygyny Bes Eder

ABŞ-nyň Prezidentligine saýlanan Jo Baýdeniň wezipesine başlan badyna, Donald Trampyň “Musulman ýurtlara goýan wiza gadagançylygy” we Pariž klimat şertnamasyndan çekilmek” ýaly käbir kararlary bes etjekdigi beýan edilýär.

20-njy ýanwarda kasam edip, wezipesine başlajak Jo Baýdeniň kömekçisi Ron Klaýne esaslanylýan habarda, Baýden wezipesine başlan badyna ýörite kararnama bilen Tramp döwründe kabul edilen käbir jedelleşikli kararlary bes etjekdigi nygtalýar.

Baýden “Ilatynyň esasy bölegi musulman bolan käbir ýurtlara goýlan wiza gadagançylygyny” bes eder, ABŞ-nyň Pariž klimat şertnamasyna goldaw berýändigini yglan eder, Meksika serhedindäki immigrant maşgalaryň tapawutly ýerlere ugradylma düzgünini ýatyrar we käbir ýerlere maskasyz girilmegini gadagan eder.



Degişli Habarlar