Pakistan: "Türkiýe bilen gatnaşyklarymyza dünýäniň gözi gidýär" diýdi

Pakistanyň Harby-howa güýçleriniň serkerdesi Müjahid Enwer Han, Türkiýe bilen Pakistanyň arasyndaky gatnaşyklara dünýä ýurtlarynyň gözi gidýändigini belledi

1563775
Pakistan: "Türkiýe bilen gatnaşyklarymyza dünýäniň gözi gidýär" diýdi

Anadoly habarlar gullugyna beýanat beren Enwer Han, Türkiýe we Pakistanyň syýasy, harby we halklarynyň arasyndaky aragatnaşykda we durmuşyň ähli ugurlary boýunça bilelikde hereket edýändigine ünsleri çekdi. 

"Türkiýe we Pakistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň başga ýerdi meňzeşi ýok bolmak bilen birlikde, oňa dünýä ýurtlarynyň gözi gidýär" diýip bellän Han, onuň nesillerden nesile geçirilmelidigini beýan etdi. 

Han, Kipr meselesi, Siriýa we Yrak bilen bagly meseleler we terrora garşy göreşde Pakistanyň Türkiýäniň ýanyndadygyny belledi. 

Ady agzalan synaglaryň hötdesinden gelmek üçin iki ýurdyň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň dowam etmelidigini aýdan Han, ekstremist terror guramasy PKK we DAIŞ-iň açyk ýagdaýdaky howpdugyny, Pakistanyň hem öz serhetleriniň çäginde şoňa meňzeş synaglary başyndan geçirýändigini mälim etdi. 

Han, Kaşmir meselesi boýunça Türkiýäniň berýän goldawyna minnetdarlyk bildirdi. 


Etiketkalar: #Türkiýe , #Pakistan

Degişli Habarlar