Fransuz Lideri Makronyň Elysse Köşgüniň Gülleri Üçin 600 Müň Ýewro Sarp Etmegine Reaksiýa Bildirildi

"Koronawirus epidemiýasy döwründe köşküň bezegi üçin şeýle ummasyz pulyň sarp edilmegi utandyryjy”

1561250
Fransuz Lideri Makronyň Elysse Köşgüniň Gülleri Üçin 600 Müň Ýewro Sarp Etmegine Reaksiýa Bildirildi

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň we aýalynyň Elysse köşgündäki güller üçin 600 müň ýewro sarp etmegine fransuz köpçülikleýin habar beriş serişdeleri uly garşylyk görkezdi.

“Politis” atly syýasy gazetiň berýän habaryna görä, Makron we aýaly, paýtagt Pariždäki resmi kabulhanalary Elýsee köşgüniň gülleri üçin 600 müň ýewro sarp edipdir.

Fransuz halky, ýurduň koronawirus epidemiýasynyň ykdysadyýete ýetiren ýaramaz täsirinden halas bolmak üçin tagalla edilýän günlerde köşküň bezegi üçin şeýle ummasyz pulyň sarp edilmegini “utandyryjy” hökmünde analiz etdi.

Elýsse köşgüniň gülleri üçin sarp edilen pulyň ozalky prezidentler Fransua Olland we Nikolas Sarkozy döwründe sapr edilen puldan 5 esse köpdügi nygtalýar.

Elýsse köşgüniň halka ýapyk bolan we Kowid-19 epidemiýasy sebäpli girizilen çäklendirmeler sebäpli diýseň az çärä ýer eýeçiligini eden döwründe güller üçin şeýle köp boluň sarp edilendigi ýatladyldy.

Sentýabr aýynda Elysse köşgüniň altyn otagynyň abatlanmagy üçin 927 müň ýewronyň sarp edilendigi habar berlipdi.



Degişli Habarlar