Trampyň tarapdarlarynyň demonstrasiýasyna garşy howpsuzlyk çäreleri görüldi

Trampy goldaýan müňlerçe adamyň şu gün ýurdyň paýtagty Waşington şäheriniň merkezinde demontrasiýa geçirmegine garaşylýar

1557421
Trampyň tarapdarlarynyň demonstrasiýasyna garşy howpsuzlyk çäreleri görüldi

ABŞ-nyň Goranmak ministrligi Pentagon, ýurdyň paýtagty Waşington şäherinde bu hepde geçirilmegine garaşylýan demontrasiýalar bilen bagly, çäkli sanda Milli gwardiýa degişli esgerleriň iş alyp barmagyny tassyklady. 

ABŞ-nyň Kongresiniň Prezident saýlawynyň Saýlaw geňeşiniň sesleriniň tassyklanmagy we Prezident Donald Trampyň tarapdarlarynyň geçirjek "Tramp üçin ýöre" atly demonstrasiýadan ozal, ýurdyň paýtagty Waşington şäherinde howpsuzlyk çäreleri artdyrylýar. 

Amerikan mediasynda Goranmak ministriniň wekili Kristofer Milleriň çäkli ýagdaýda Milli gwardiýa degişli esgerleriň şäherde iş alyp barmagyny tassyklandygy, Mýuriel Bauzeriň geçiren metbugat ýygnagynda bolsa Milli gwardiýany işjeňleşdirendigini habar berdi. 

Mýuriel Bauzer mundan başgada Waşingtonyň halkyndan sişenbe we çarşenbe günleri şäheriň merkezinde geçiriljek demonstrasiýalardan uzak durmaklaryny isledi. 

Trampy goldaýan müňlerçe adamyň şu gün ýurdyň paýtagty Waşington şäheriniň merkezinde demontrasiýa geçirmegine garaşylýar. 

ABŞ-nyň Kongresi ertir Prezident saýlawynyň Saýlaw geňeşiniň seslerini tassyklamak üçin ýygnanar. 



Degişli Habarlar