BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň täze wagtlaýyn agzalary wezipelerine başladylar

BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň täze wagtlaýyn agzalary bolan Irlandiýa, Norwegiýa, Hindistan, Meksika we Keniýa geňeşdäki wezipelerine başladylar

1557511
BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň täze wagtlaýyn agzalary wezipelerine başladylar

BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň täze wagtlaýyn agzalary 2021-2022-nji ýyllar aralygynda 15 agzaly geňeşiň wagtlaýyn agzalary hökmünde iş alyp bararlar.

Irlandiýa, Norwegiýa, Hindistan, Meksika we Keniýa geňeşde 2 ýyl soň wezipe möhetleri dolan Belgiýa, Germaniýa, Dominik Respublikasy, Indoneziýa we Günorta Afrika Respublikasy ýaly ýurtlaryň ýerine geçerler. 

Geňeşiň ýanwar aýyndaky döwürleýin başlyklygyny bolsa wagtlaýyn agza ýurtlarynyň biri bolan Tunis öz üstüne alar. 

Düzüminde 15 agza ýurt bolan BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň 5 hemişelik agzasy weto etmek hukugyna eýe bolan ABŞ, Hytaý, Russiýa, Britaniýa we Fransiýa ýaly ýurtlardan ybarat.

Galan 10 agza ýurt bolsa BMG-nyň 5 aýry geografik toparyň arasyndan 2 ýyl möhlet bilen BMG-nyň Baş Assambleýasynda saýlanýar. 



Degişli Habarlar