Ysraýyl, Eýrayň Ýadro Ýaragyna Eýe Bolmagyna Rugsat Bermez

Binýamin Netanýahu, ýurdunyň, Eýranyň ýadro ýaragyny öndürmegine rugsat bermejekdigini aýtdy

1557237
Ysraýyl, Eýrayň Ýadro Ýaragyna Eýe Bolmagyna Rugsat Bermez

 

Ysraýylyň Premýer ministri Binýamin Netanýahu, ýurdunyň, Eýranyň ýadro ýaragyny öndürmegine rugsat bermejekdigini aýtdy.

Netanýahu, Twitterden beren habarnamasynda, Eýranyň Fordo ýadro desgasynda urany 20 göterim kämilleşdiriş işlerine resmi taýdan başlamagy barada durup geçdi.

Eýrana garşylyk görkezen Netanýahu “Eýran wadasynda durmaýar we urany kämilleşdirmäge dowam edýär. Emma Ysraýyl, Eýranyň ýadro ýaragyna eýe bolmagyna rugsat bermez” diýdi.

Eýranyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, Fordo ýadro desgasynda uranyň 20 göterim kämilleşdiriş işleriniň resmi taýdan başlandygyny habar beripdi.

 

 



Degişli Habarlar