Ukrainaly Serkerde Türk Uçarmansyz Howa Ulaglary Hakynda Öwgüli Sözler Aýtdy

“2021-nji ýylda Deňiz güýçleri üçin Türk Baýraktar uçarmansyz howa ulaglarynyň satyn alynmagyna garaşýarys”

1556946
Ukrainaly Serkerde Türk Uçarmansyz Howa Ulaglary Hakynda Öwgüli Sözler Aýtdy

 

Ukrainanyň Deňiz güýçleriniň serkerdesi Oleksiý Neižpapa, türk uçarmansyz howa ulaglary hakynda öwgüli sözler aýtdy.

Baýraktar TB-2 Türk uçarmansyz howa ulaglary Azerbaýjanda, Liwiýada we Siriýada gazanan üstünlikleri bilen ünsleri özüne çekmäge dowam edýär.

Ukrainanyň Deňiz güýçleriniň serkerdesi Oleksiý Neižpapa, türk uçarmansyz howa ulaglaryny satyn almak üçin taýarlyk görýändiklerini aýtdy.

Oleksiý Neižpapa “2021-nji ýylda Deňiz güýçleri üçin Türk Baýraktar uçarmansyz howa ulaglarynyň satyn alynmagyna garaşýarys” diýdi.

Ukrainanyň Deňiz güýçleriniň serkerdesi Oleksiý Neižpapa, “Türk uçarmansyz howa ulaglary diýseň ukuply” diýip belledi.

Türkiýe bilen Ukraina korwet we uçarmansyz howa ulaglarynyň önümçiligi meselesinde 14-nji dekabrda şertnama baglaşypdy.



Degişli Habarlar