Owganystanda bombaly hüjümler guraldy

Owganystanyň paýtagty Kabul şäherinde we ýurdyň Perwan welaýatynda guralan bombaly hüjümlerde 1 adam ýogaldy, 3 adam ýaralandy

1546550
Owganystanda bombaly hüjümler guraldy

Owganystanyň Kapisa welaýatynyň Içeri işler edarasynyň metbugat geňeşçisi Abdul Şaýyk Şuriş, Perwan welaýatynyň Sersaýýad sebitinde, Kapisa welaýatynyň Jenaýatlara garşy göreş edarasynyň işgärlerini daşaýan ulaga ýerleşdirilen bombanyň partlandygyny mälim etdi.  

Şuriş, hüjümde 1 adamyň ýogalandygyny, 1 adamyň bolsa ýaralanandygyny habar berdi. 

Kabulyň Içeri işler edarasynyň metbugat geňeşçisi Ferdews Faramarz bolsa, paýtagtyň Penjsed Famili diýilen ýerinde bir ulaga ýerleşdirilen bombanyň partlamagy netijesinde 2 adamyň ýaralanandygyny aýan etdi. 

Hüjümleriň jogapkärçiligini öz üstüne alan tarap ýok. 


Etiketkalar: #Perwan , #Kapisa , #Kabul , #Owganystan

Degişli Habarlar