Russiýa, ABŞ-nyň Türkiýä Goýan Sanksiýa Kararyna Reaksiýa Bildirdi

ABŞ, Russiýadan S-400 howa goranyş ulgamlaryny alandygy sebäpli Türkiýä sanksiýa goýulmagy barada karar kabul edipdi

1545602
Russiýa, ABŞ-nyň Türkiýä Goýan Sanksiýa Kararyna Reaksiýa Bildirdi

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow, “ABŞ-nyň Türkiýä sanksiýa goýmak hakyndaky karary halkara hukugyna bap gelmeýär” diýdi.

Sergeý Lawrow “ABŞ-nyň Türkiýä sanksiýa goýmagy halkara hukugyna bap gelmeýär. Elbetde bu çemeleşme, harby-tehniki hyzmadaşlyk bilen birlikde halkara derejesinde uly rol oýnaýan ABŞ-nyň ynamdarlygyna goşant goşmaz” diýdi.

ABŞ, Russiýadan S-400 howa goranyş ulgamlaryny alandygy sebäpli Türkiýä sanksiýa goýulmagy barada karar kabul edipdi.

 

 



Degişli Habarlar