Ysraýyla Degişli Harby Uçarlar Liwanyň Howa Giňişligine Girdi

Ysraýyla degişli uçarmansyz howa ulaglary, harby uçarlary we harby gämileri ýygy-ýygydan Liwanyň serhetlerine girýär

1542255
Ysraýyla Degişli Harby Uçarlar Liwanyň Howa Giňişligine Girdi

 

Ysraýyla degişli harby uçarlar Liwanyň howa giňişligine girip paýtagt Beýrutda pessaý uçuş etdi

Liwanyň resmi NNA habarlar gullugynda berlen habara görä, ýurduň howa giňişligine giren Ysraýyla degişli harby uçarlar, günortadaky Nebatiýe welaýatyndan soň paýtagt Beýrutda we Bekada pessaý uçuş etdi.

Habarda, Liwanyň howa giňişligini basgylan Ysraýyla degişli harby uçarlaryň sany barada bolsa maglumat berilmedi.

Ysraýyla degişli uçarmansyz howa ulaglary, harby uçarlary we harby gämileri ýygy-ýygydan Liwanyň serhetlerine girýär.

Liwanly ýolbaşçylar hem mesele barada BMG-da ýüz tutýar.

 



Degişli Habarlar