BMG, Russiýanyň Harby Güýçlerini Krymdan Çekmegini Isledi

Krymyň we Siwastopol şäheriniň Russiýa tarapyndan basylyp alynmagy ýazgaryldy

1541369
BMG, Russiýanyň Harby Güýçlerini Krymdan Çekmegini Isledi

 

BMG-nyň Baş Assambleýasy, Russiýanyň harby güýçlerini Krymdan gysga wagtda çekmegini we Ukrainanyň territoriasyndaky wagtlaýyn basyp alyşlygyny bes etmegi üçin çagyryş berýän karar kabul etdi.

193 agzaly BMG-nyň Baş Assambleýasynda geçirlen sese goýulşykda kanuny güýji bolmadyk karar 63 ses bilen kabul edildi.

Sese goýulşykda 17 ýurt “garşy” ses berdi. Gurama agza 62 ýurt bolsa ses bermekden saklandy.

Kararda Krymyň we Siwastopol şäheriniň Russiýa tarapyndan basylyp alynmagy ýazgaryldy, Krymyň güýç bilen ele geçirilmegi bilen kanunlaryň we halkara hukugynyň basgylanandygy nygtaldy.

Kararda, BMG-nyň agzalaryna we halkara guramalara, “BMG bilen hyzmatdaşlyk etmegi we gysga wagtda Rýssiýanyň Krymdaky basyp alyşlygynyň bes edilmegi baradaky tagallalara goldaw bermekleri üçin çagyryş berildi.

Kararda Russiýanyň Krymda ele geçiren Ukraina degişli harby senagat firmalaryny ulanmagy hem ýazgaryldy.

BMG-nyň Baş Assambleýasynda 2019-njy ýylda hem şuňa meňzeş karar kabul edilipdi.

Russiýa 2014-nji ýylda Krym Awtanomiýasyny we Siwastopol şäherini anneksirläpdi. Krymyň anneksiýasy we Ukrainanyň gündogarynda başdan geçirlen wakalardan soň ÝB we ABŞ bilen birlikde käbir ýurtlar Russiýa sanksiýa goýmaga başlapdy.

 

 



Degişli Habarlar