Ýemen, Husileriň Terror Sanawyna Alynmagy Üçin Çagyryş Berdi

"Halkara jemgyýetçiligi Husileriň jezalandyrylmagyna we terror sanawyna alynmagyna oňyn jogap bermeli”

1540939
Ýemen, Husileriň Terror Sanawyna Alynmagy Üçin Çagyryş Berdi

Ýemen, halkara jemgyýetçiligine Eýran tarapyndan goldanýan Husileriň terror sanawyna alynmagy üçin çagyryş berdi.

Ýemen habarlar gullugynda berlen habara görä, Wise-prezident Ali Muhsin Salih, Saud Arabystanynda ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Ýakyn Gündogardan jogapkär kömekçisi Dewid Şenker bilen duşuşdy.

Salih, Husileri Ýemende we Saud Arabystanynda balistiki roketalar we ýaragly uçarmansyz howa ulaglary bilen hüjüm guramakda günäkärledi.

Salih “Husiler uly jenaýat edýär. Halkara jemgyýetçiligi Husileriň jezalandyrylmagy we terror sanawyna alynmagy üçin halkyň, syýasatçylaryň we hukugyň talabyna oňyn jogap bermeli” diýdi.

Husiler bolsa mesele barada heniz hiç hili beýannama bermedi.

 

 



Degişli Habarlar