Hytaý Ýylyň Ahyryna Çenli 600 Million Sanjym  Öndürer

Hytaýda täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garşy öndürilen 600 million sanjymyň şu ýyl bazarlara hödürlenjekdigi habar berildi

1539805
Hytaý Ýylyň Ahyryna Çenli 600 Million Sanjym  Öndürer

“South China Morning Post” gazetiniň berýän habaryna görä, Hytaýyň Inženerçilik Akademiýasynyň hünärmenlerinden we sanjym toparynyň agzalaryndan Wang Junjy, Uhan şäherinde sanjym işleri barada metbugata beýannama berdi.

Wang “Kowid-19 sanjymyň taýarlanmagy taýdan geljek 2 hepde diýseň möhüm. Sanjym öndürmekde soňky tapgyra gelindi” diýdi.

Wirusyň täsiri az bolan görnüşiniň sanjym edilmegi bilen sanjym edileniň immunitet ulgamynyň herekete geçirilmegini üpjin edýän sanjyma ünsi çeken Wang “Şu ýyl 600 million sanjym taýarlanar” diýdi.

Hytaýda koronawirus sanjymynyň iki görnüşü Hytaýyň Milli Biotehnologiýa topary tarapyndan taýarlandy.

“Sinowak Biotech” tarapyndan taýarlanan üçünji sanjym hem Günorta Amerika we Ýakyn Gündogar ýurtlary bilen birlikde käbir Aziýa ýurtlarynda synagdan geçirilýär.


Etiketkalar: #600 million , #sanjym , #Hytaý

Degişli Habarlar