Ukraina Ýaragly Uçarmansyz Howa Ulaglary Bilen Ýakyndan Gyzyklanýar

Iş sapary bilen Ankara gelen Kuleba, Ukraina bilen Türkiýäniň arasyndaky ýokary gatnaşyklardan hoşaldyklaryny belledi

1538379
Ukraina Ýaragly Uçarmansyz Howa Ulaglary Bilen Ýakyndan Gyzyklanýar

Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmitro Kuleba, ýurdunyň esasan Türkiýede öndürlen Baýraktar ýaragly uçarmansyz howa ulaglarynyň satyn alynmagy meselesi bilen ýakyndan gyzyklanýandygyny aýtdy.

Iş sapary bilen Ankara gelen Kuleba metbugata beren beýannamasynda, Ukraina bilen Türkiýäniň arasyndaky ýokary gatnaşyklardan hoşaldyklaryny belledi.

Kuleba iki ýurduň arasynda birnäçe ugurda ýakyndan hyzmatdaşlyk edilýändigine ünsi çekdi.

Türkiýe bilen Ukrainanyň arasynda goranyş senagaty pudagy boýunça baglaşylan şertnamalar we iki ýurduň birlikde hereketlendiriji öndürmegi meselesi hakyndaky soraga hem jogap beren Kuleba “Ukraina esasan Baýraktar ýaragly uçarmansyz howa ulaglarynyň satyn alynmagy meselesi bilen ýakyndan gyzyklanýar. Bu meselede käbir taslamalaryň birlikde durmuşa geçirilmegini isleýäris. Ukrain hereketlendirijisi bize we türk dostlarymyza görä, türk senagaty üçin amatly alternatiw. Biz bu meseläniň üstünde işleýäris  we iki ýurduň goranyş senagatynyň wekilleri bilen gepleşikler geçirilýär” diýip belledi.



Degişli Habarlar