Koronawirusa Garşy Taýarlanan Sanjym Britaniýa Daşalmaga Başlandy

Boris Jonson, “Britaniýanyň taryhyndaky iň uly sanjym meýilnamasy başlaýar” diýdi

1538970
Koronawirusa Garşy Taýarlanan Sanjym Britaniýa Daşalmaga Başlandy

Amerikaly derman firmasy Pfizer bilen türk alymlary Ugur Şahiniň we Özlem Türejiniň ýolbaşçylygyndaky nemes BioNTech firmasy tarapyndan täze görnüş koronawirusa garşy taýarlanan sanjym Britaniýa dalaşmaga başlandy.

Britaniýanyň Kovid-19 sanjymyny tassyklamagyndan soň, Brlgiýanyň Puurs şäherinde ýerleşýän Pfizer firmasynyň desgalarynda taýarlanan müňlerçe dozalyk sanjymdan doly konteýnerler ýola çykdy.

Birtaniýanyň Premýer ministri Boris Jonson, “Britaniýanyň taryhyndaky iň uly sanjym meýilnamasy başlaýar” diýdi.

Premýer ministr Jonson, bahar aýlarynda gündelik durmuşyň adaty ýagdaýa geljekdigine ynanýandygyny nygtady.

Britaniýa BioNTech-Pfizerden 40 million sanjym almak üçin şertnama baglaşypdy we 10 million sanjymyň ýylyň ahyryna çenli taýar bolmagyna garaşylýar.


Etiketkalar: #BioNtech , #sanjym , #Britaniýa

Degişli Habarlar