Zaharowa: "Türkiýe bilen Daglyk Garabag meselesinde aragatnaşyk içindediris" diýip belledi

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Mariýa Zaharowa beýanat berdi

1535688
Zaharowa: "Türkiýe bilen Daglyk Garabag meselesinde aragatnaşyk içindediris" diýip belledi

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Mariýa Zaharowa, Daglyk Garabagdaky durnuklylyk babatynda Türkiýe bilen aragatnaşyk içindediklerini habar berdi. 

Hepdelik metbugat ýygnagynda beýanat beren Mariýa Zaharowa, Türkiýe bilen syýasy, diplomatik gatnaşyklar bilen birlikde dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň dowam edýändigini, şolaryň arasynda harby hyzmatdaşlygyň hem bardygyny mälim etdi. 

Zaharowa: "Elbetde bularyň nähili ugurda boljakdygy, sebitdäki ýagdaýy dowamly häsýetde maslahatlaşýan döwlet baştutanlar tarapyndan kesgitlenýär" diýip aýan etdi. 

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew we Ermenistanyň Premýer ministri Nikol Paşinýan 10-njy noýabrdan başlap Daglyk Garabagda çaknyşyklaryň bes edilmegi üçin şertnama gol çekipdiler. 

Ylalaşyga laýyklykda Russiýanyň front liniýasynda we Laçyn koridorynda ýeňil ýaragly 1960 esger, 90 sowutly ulag, 380 sany awtoulag we ýörite ulaglary ýerleşdirimegi göz öňünde tutulýar. 

Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akaryň Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde, 11-nji noýabrda Daglyk Garabagda ylalaşygyň barşyna gözegçilik etjek Türk-Rus umumy gözegçilik merkeziniň döredilmegi bilen baglanşykly şertnama gol çekipdiler. 



Degişli Habarlar