Russiýa Açyk Asman ylalaşygyndan çekilen ABŞ-a reaksiýa bildirdi

Russiýa, ABŞ-nyň ýarag gözegçiligini düzgünleşdirýän Açyk Asman ylalaşygyndan çekilmegine nägilelik bildirdi

1532413
Russiýa Açyk Asman ylalaşygyndan çekilen ABŞ-a reaksiýa bildirdi

Russiýanyň Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda, ylalaşykdan çekilen Amerikan tarapynyň bir tarapdan hyzmatdaşlarynyň Russiýanyň Ýewropadaky ABŞ-a degişli harby desgalara gözegçilik uçuşlaryna rugsat bermegine, beýleki tarapdan bolsa Russiýa degişli ýygnalan maglumatlary Waşington bilen paýlaşylmazlygyna garaşýandyklary habar berildi. 

Beýanatda: "Elbetde bu Russiýa tarapyndan kabul edilmez. Açyk Asman ylalaşygynyň beýleki agzalaryndan ähli territoriýalarynyň gözegçilik edilmegine, gözegçilik uçuş materiallarynyň ylalaşyga girmeýän 3-nji ýurtlara berilmezligi bilen baglanşykly borçnamalaryny ýerine ýetirjekdikleri barada açyk ýagdaýda güwä isläris" diýip bellendi. 

"Ylalaşygyň dowam etmegini we Russiýanyň ylalaşygyň tarapdary bolmagyny isleýän bolsa ABŞ örän gowy edip pikir etmelidir" diýip bellenen beýanatda: "Waşington göçümini etdi. Mundan Ýewropanyň howpsuzlygy we ABŞ bilen hyzmatdaşlarynyň howpsuzlygy peýda görmedi. Indi Günbatarda aglaba ýurt Russiýanyň reaksiýasyny soraýar. Jogap ýeňil, ozaldan ençeme gezek nygtap geçişimiz ýaly, ähli tekliplere açykdyrys. Ylalaşygyň beýleki agzalarynyň sözlerine we hereketlerine nähili derejede gulak asýandygyna gözegçilik we analiz edýäris. Russiýanyň we hyzmatdaşlarynyň howpsuzlyk bähbitlerine laýyk kararlar kabul ederis" diýip bellendi. 

ABŞ-nyň hökümeti Russiýa bilen ýarag gözegçiligini düzgünleşdirýän Açyk Asman ylalaşygyndan düýn çekilendigini aýan edipdi. 

Russiýa we ABŞ, harby hereketlerde açyklygy üpjün etmek, ýarag gözegçiligini we beýleki ylalaşyklara gözegçiligi ýeňilleşdirmek maksady bilen ýaragsyz gözegçilik uçularyyna rugsat beren Açyk Asman şertnamasyna gol çeken 34 ýurdyň arasyndady.

Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň geografiýasynda ynam we howpsuzlyk artdyryjy çäre hökmünde göz öňünde tutulan we 1992-nji ýylda döredilen Açyk Asman ylalaşygynyň agzalarynyň arasynda Türkiýe hem bar. 


Etiketkalar: #ylalaşyk , #ABŞ , #Russiýa

Degişli Habarlar