Fransiýanyň Prezidenti Makron, Aliýew We Paşinýan Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Makron dini we medeni mirasyň goralmagy üçin degişli çäreleriň görülmegini isledi

1531223
Fransiýanyň Prezidenti Makron, Aliýew We Paşinýan Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

 

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew we Ermenistanyň Premýer ministri Nikol Paşinýan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Elysse köşgünden berlen ýazmaça beýannamada, Makronyň Aliýew we Paşinýan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigi nygtaldy.

Beýannamada, çaknyşyklaryň bes edilmegi bilen Daglyk Garabagda halkyň goralmalydygy we soňky hepdelerde öýlerinden gaçan on müňlerçe adamyň yzyna dolanmaklary üçin ýagşy niýetli gepleşikleriň başlamalydygy nygtaldy.

Beýannamada, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň ýurdunyň Daglyk Garabaga ynsanperwer kömegini berjekdigi, dini we medeni mirasyň goralmagy üçin degişli çäreleriň görülmegini isländigi ýatladyldy.



Degişli Habarlar