ABŞ 10 ýyl arakesmeden soň Wenesuela ilçi belledi

James Storynyň ilçi wezipesine dalaşgärligi, çarşenbe güni ABŞ-nyň senady tarapyndan tassyklandy

1530596
ABŞ 10 ýyl arakesmeden soň Wenesuela ilçi belledi

James Storynyň ABŞ-nyň Karakas şäherindäki Adatan daşary we doly ygtyýarly ilçi wezipesini, Kolumbiýanyň paýtagty Bogota şäherinde ýerine ýetirjekdigi habar berildi. 

James Storynyň ABŞ-nyň Prezidenti wezipesine saýlanan Jo Baýden zamanynda ABŞ-nyň Wenesuela syýasatyny ugrukdyrmakda möhüm rol eýelejekdigi çak edilýär. 

ABŞ-Wenesuela gatnaşyklary, Wenesuelanyň ozalky Prezidenti Ugo Çawes zamanynda bozulmaga başlanypdy. 

ABŞ we Wenesuela 2010-njy ýyldan bäri ikitaraplaýyn häsýetde ilçi bellemändiler. 

Resmi Waşington özüni wagtlaýyn döwlet baştutany hökmünde yglan eden, Wenesuelada oppozisiýanyň gözegçiligi astynda bolan Milli mejlisiň başlygy Huan Guaýdony goldamaga başlamagyndan soň iki ýurt geçen ýyl diplomatik gatnaşyklaryny dolulygyna kesipdiler we diplomatlaryny yzyna çagyrypdylar. 


Etiketkalar: #ilçi , #Wenesuela , #ABŞ

Degişli Habarlar