Tramp Wiskonsin ştatynda sesleriň ýaňadandan sanalmagy üçin kazyýete ýüz tutdy

Tramp, sesleriň ýaňadandan sanalmagy üçin ştat tarapyndan talap edilen 3 million dollarlyk çykdajyny hem töledi

1530354
Tramp Wiskonsin ştatynda sesleriň ýaňadandan sanalmagy üçin kazyýete ýüz tutdy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, saýlawlar taýdan tankydy ştatlaryň biri bolan Wiskonsiniň Miluoki we Dane sebitlerinde sesleriň ýaňadandan sanalmagy üçin kazyýete ýüz tutdy. 

Ýurtda 3-nji noýabrda geçirilen Prezident saýlawynyň resmi bolmadyk netijesine görä Demokrat partiýadan dalaşgär bolan Jo Baýden üstün çyksada, Trampyň saýlawlarda galplyk edilendigi we üstün çykan tarapyň özüdigi bilen bagly öňe sürmeleri dowam edýär. 

Tramp, soňky gezek bolsa saýlawlarda ençeme bidüzgünçilikleriň edilendigini öňe süren Wiskonsin ştatynyň Miluoki we Dane sebitlerinde sesleriň ýaňadandan sanalmagy üçin kazyýete ýüz tutdy. Tramp, sesleriň ýaňadandan sanalmagy üçin ştat tarapyndan talap edilen 3 million dollarlyk çykdajyny hem töledi. 

Resmi bolmadyk netijelere görä Jo Baýden, 10 delegaty bolan Wiskonsin ştatynda Donald Trampdan 20 müň 608 ses köp alyp, saýlawda üstün çykypdy. 



Degişli Habarlar