Koronawirus Howply Bolmagynda Galýar

Epidemiýa sebäpli Ispaniýada 40 müň 769 adam ýogaldy, hasaba alynan kesellileriň sany 1 million 492 müň adama ýetdi

1528506
Koronawirus Howply Bolmagynda Galýar

 

Dünýäde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1 million 325 müň, wirusa ýoluganlaryň sany 54 million 863 müň, sagalanlaryň sany 38 million 164 müň adamdan geçdi.

Koronawirus ABŞ-da 251 müň 901 adamyň ýogalmagyna, 11 million 367 müň adamyň hem hasaba alynmagyna sebäp boldy.

Britaniýada epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 51 müň 934, wirusa ýoluganlaryň sany 1 million 369 müň adamdan geçdi. Premýer ministr Boris Jonson, koronawirusa ýolugan biri bilen gatnaşyk edendigi üçin özüni karantina aldy.

Italiýada Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 45 müň 229, wirusa ýoluganlaryň sany 1 million 178 müň adama ýetdi.

Epidemiýa sebäpli Ispaniýada 40 müň 769 adam ýogaldy, hasaba alynan kesellileriň sany 1 million 492 müň adama ýetdi.

Fransiýada koronawirus sebäpli 44 müň 548 adam ýogaldy, wirusa ýoluganlaryň sany 1 million 981 müň adama ýetdi.

Gresiýada epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 71 adam artyp 1106, wirusa ýoluanlaryň sany 1698 adam artyp 74 müň 205 adama ýetdi.

Koronawirus sebäpli

Braziliýada 165 müň 811

Meksikada 98 müň 542

Argentinada 35 müň 436

Peruda 35 mün 231

Kolumbiýada 34 müň 31

Çilide 14 müň 819

Belgiýada 14 müň 421

Ekwadorda 13 müň 8

Germaniýada 12 müň 692

Kanadada 10 müň 953 adam ýogaldy.

 



Degişli Habarlar