Owganystanda Radio Azadiniň Žurnalistine Hüjüm Guraldy

Radio Azadiniň žurnalisti Ilýas Daýynyň ulagyna goýlan bombanyň ýarylandygy sebäpli ýogaldy

1526557
Owganystanda Radio Azadiniň Žurnalistine Hüjüm Guraldy

 

Owganystanyň Helmand welaýatynda ulaga goýlan bombanyň ýarylmagy sebäpli 1 žurnalist ýogaldy.

Tolo Nýusyň habaryna görä, Helmand welaýat häkimliginiň metbugat geňeşçisi Ömer Zuwak mesele hakynda beren beýannamasynda, Radio Azadiniň žurnalisti Ilýas Daýynyň ulagyna goýlan bombanyň ýarylandygy sebäpli ýogalandygyny belledi.

Hüjümiň Leşgergah şäherinde guralandygyny nygtan Zuwak, Daýynyň ulagyndaky 1-i çaga 3 adamyň hem ýaralanandygyny ýatlatdy.

Radio Azadiniň habarlardan jogapkär ýolbaşçygy Sami Mehdi, Twitterden beren habarnamasynda “Kärdeşim we ýakyn dostum Ilýas Daýy şu gün irden terrorçylykly hüjümde ýogaldy. Bu hakykatdan hem gynandyryjy waka. Seni asla ýatdan çykarmarys” diýdi.

Hüjümiň jogapkärçiligini heniz öz üstüne alan bolmady.


Etiketkalar: #žurnalist , #Owganystan , #radio

Degişli Habarlar