Ysraýylyň tussaghanasynda 17 ýyl saklanan palestinaly azat edildi

Ysraýyl, palestinaly Abdurrauf Kadany 17 ýyl tussaghanada saklananyndan soň azat etdi

1523270
Ysraýylyň tussaghanasynda 17 ýyl saklanan palestinaly azat edildi

Palestinanyň azatlyk guramasyna degişli Zamun alynanlar we azat edilenler wekiliýetiniň Ylmy-derňew we habarnama bölüminiň başlygy Abdunnasyr Ferwane beren beýanatynda: "Basyp alyjy güýçler, Abdurrauf Kadany 17 ýyl tussagahanada saklanyndan soň azat etdi" diýip habar berdi. 

Ysaýylyň harby güýçleri Kadany 2004-nji ýylyň 7-nji noýabrynda 25 ýaşynda bolan mahaly göz tussaglygyna alypdylar. 

"Fetih hereketine agza bolmak we Ysraýyla garşylyk görkezmek" bilen aýyplanan Kadan, ozal 25 ýyl azatlykdan mahrum edilipdi, soň bolsa jezasy ýeňilleşdirilip 17 ýyla çenli azaldylypdy. 

Palestinanyň berýän habaryna görä, Ysraýylyň tussaghanalarynda häzirki wagtda 39-sy zenan, 155-i çaga bolmak bilen jemi 4 müň 400-e golaý palestinaly tussagly bar. 



Degişli Habarlar