ABŞ-da Geçirlen Prezident Salawynyň Netijeleri Näbelli Bolmagynda Galýar

ABŞ-da geçirlen 59-njy prezident saýlawynyň netijeleri näbelli bolmagynda galýar

1523066
ABŞ-da Geçirlen Prezident Salawynyň Netijeleri Näbelli Bolmagynda Galýar

 

ABŞ-da geçirlen 59-njy prezident saýlawynyň netijeleri näbelli bolmagynda galýar.

Sesleriň sanalmagy işlerinde galplyk edilendigi sebäpli kazyýetýerle ýüz tutmak islän Respublikaçylaryň arzalary kabul edilmedi.

Miçigan we Jorjiýa ştatlarynyň kazyýetleri “saýlawlarda galplyk” edilendigi sebäpli kazyýete ýüz tutmak islän Prezident Donald Trampyň hukukçylarynyň arzalaryny kabul etmedi.

ABŞ-da, Pensilwaniýa, Jorjiýa, Demirgazyk Karolina, Arizona, Newada we Alýaska ştatlarynda sesleriň sanalmagy işleri dowam edýär.

Demokrat dalaşgär Jo Baýden häzire çenli 264, Respublikaçy dalaşgär Donald Tramp bolsa 214 kürsä eýe boldy.

Beýleki tarapdan Tramp saýlawdan soň ençeme hukuky tapgyrlaryň ýüze çykjakdygyny we belkem Ýokary kazyýete ýüz tutup biljekdiklerini aýtdy.

Tramp netijelesi heniz anyk bolmadyk saýlaw boýunça Ak Tamda metbugat ýygnagyny geçirdi.

Saýlawyň howpsyzlygyny üpjün etmek üçin tagalla edýändiklerini nygtan Tramp: “Kanuny ýollardan berilen sesleri sananyňyzda men saýlawda ýeňillik bilen üstün çykýaryn! Kanuny bolmadyk we giç gelen sesleri sananyňyzda Demkratlar bu saýlawy bizden ogurlap bilerler. Bu mesele bilen gyzyklanarys” diýdi.

Tramp häzirki wagtda Florida, Aýowa, Indiana, Ohaio ýaly esasy ştatlarda saýlawda üstün çykandyklaryny beýan edip: “Biz uly media, maliýe we tehnologiýa firmalarynyň tagallalaryna garamazdan bu ýeňişleri gazandyk” diýdi.

Sowalnamalaryň saýlawda ýalňyşandygyna ünsi çeken Tramp: “Sowalnama firmalary bu saýlawda bilkastlaýyn ýalňyş maglumat berdi. Ol iňňän ýerliksiz. Garaşyşlary ýaly gök tolkun bolmady, onuň ýerine uly gyzyl tolkun boldy. Metbugatdaky sowalnamalar saýlawlary ugrukdyrmak isledi” diýdi.

Tramp Senatda esasy köplügi gorap saklaýandyklaryny, Wekiller Palatasynda-da kürsi ýitirmändiklerini nygtap: “Esasy ýerleriň ählisinde biz üstün çykýardyk, soň birdenkä gudratly ýagdaýda biziň seslerimiz aşaklamaga başlady. Demokratlar, synçylaryň hukuklaryndan peýdalanmaklaryna ýol bermedi. Kabir ýerlerde kazyýete ýüz tutduk” diýdi.

Netijesi anyk bolmadyk Arizonada saýlawda üstün çykjakdyklaryna ynanýandygyny beýan eden Tramp: “Biz bu saýlawyň howpsyzlygyny gorarys we galplygyň şeýle möhüm saýlawy ogurlamagyna ýol bermeris. Hiç kimiň sussunyň basylmagyna we galp netijeleri ýüze çykarmagyna ýol bermeris” diýdi.

Jo Baýdeniň we Demokratlar “ähli sesler sanalmaly” çagyryşyna hem jogap beren Tramp: “Biz bärde “kanuny” sözüni ulanmaga mejbur. Ähli kanuny sesler sanalmaly. Biz aç-açanlyk isleýäris. Gizliň ses sanama otaglaryny, syrly ýagdaýda ýüze çykan ses býulletenlerini, saýlaw gününden soň berilen bikanun sesleri islemeýäris” diýdi.

Tramp kanuna laýyk saýlaw isleýändiklerini we onuň Amerikan halky üçin bähbitli boljakdygyny belläp: “Ençeme kazyýet işi başlar. Sebäbi elimizde köp sanly delil bar we bu mesele ýurdumyzdaky iň ýokary kazyýetde gutarar. Görersiňiz. Köp sanly jebaýat işi gozgalar, sebäbi bu saýlawyň bizden ogurlanan bolmagy ähtimal. Poçta arkaly ses bermegiň netijesiniň gowy bolmajakdygyny birnäçe aýdan bäri aýdyp gelýärin” diýdi.

Demokrat dalaşgär Jo Baýden hem Twitter arkaly beren habarnamasynda: “Hiç kim demokratiýamyzy elimizden alyp bilmez, ne häzirki wagtda ne-de soň” diýdi.

 



Degişli Habarlar