Beýrutda Türkiýä goldaw bermek maksady bilen ýöriş geçirildi

1920-nji ýyllardan başlap Liwana göçmäge başlan we Beýrutda ýaşaýan Mardinlileriň takmynan 17 müňi, hem Türkiýäniň hem-de Liwanyň raýatlygyna eýe

1519897
Beýrutda Türkiýä goldaw bermek maksady bilen ýöriş geçirildi

Liwanyň paýtagty Beýrut şäherinde geçen hepde Ermeni toparlar tarapyndan Türkiýäniň ilçihanasynyň öňünde geçirilen proteste garşy, Türkiýä goldaw bermek maksady bilen ýöriş geçirildi. 

Paýtagt Beýrudyň şäher merkezindäki Kola sebitinde ýygnanan asly Türkiýäniň Mardin welaýatyndan bolan Liwanlylar, ýygnanan ýerlerinde Türkiýäniň we Liwanyň baýdagy bilen birlikde Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň suratlary bilen bezäp, Ermenileriň protestlerine garşy Türkiýä goldaw berip çykyş etdiler.

Liwanyň we Türkiýäniň milli senalary ýaňlananyndan soň Izmirde anna güni bolan ýer titremede ýogalan adamlaryň ýagty ýadygärligine bagyşlap hormatly dymyşlyk edileninden we doga okalanyndan soň, topar Türkiýe Respublikasyna we Prezident Erdogana goldaw berip şygarlar aýtdylar. 

Liwandaky ermeni Taşnak partiýasyna agza topar, geçen hepde Türkiýäniň Beýrut şäherindäki ilçihanasynyň öňünde ýygnanyp, howpsuzlyk güýçlerine daş we feýerwerkler bilen hüjüm gurapdylar. 

Basyp alyşlyk astyndaky öz topraklaryny halas etmek üçin göreş alyp barýan Azerbaýjana Türkiýäniň berýän goldawyny protest eden ermeni topar, Türkiýä we Azerbaýjana garşy şygarlar aýdanlaryndan soň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň we Ysraýylyň baýdaklaryny ýakypdylar. 

1920-nji ýyllardan başlap Liwana göçmäge başlan we Beýrutda ýaşaýan Mardinlileriň takmynan 17 müňi, hem Türkiýäniň hem-de Liwanyň raýatlygyna eýe. 



Degişli Habarlar