NASA Aýda 4G Tehnologiýasyny Gurar

Amerikanyň Awiasiýa we kosmos gullugy (NASA) aýyň daşky gatlagyna 4G tehnologiýasyny gurar

1512620
NASA Aýda 4G Tehnologiýasyny Gurar

NASA we tehnologiýa firmasy “Nokia” tarapyndan iş ýüzüne geçiriljek taslamanyň çäginde aýyň üstünde adamyň işini dowam etdirmek maksady bilen 2028-nji ýyla çenli aý bazasynyň gurulmagy we 4G tehnologiýasynyň ulanylmaga başlanmagynyň maksat edinilýändigi habar berildi.

“CNN” teleýaýlymynyň mälim etmegine görä NASA-nyň aýdaky enjamlaryn gözegçiligini, ýol tapmak we wideo görnüşleriň ýetirilmegini üpjün etmek, maglumat ýetirmek we aragatnaşygy ýola goýmak üçin bölüp weren 370 million dollarlyk býujetiň 14 million dollaryny “Nokianyň” “BEllLabs” atly firmasyna geçirendigi mälim edildi.

Aýdaky kabelsiz aragatnaşyk ulgam tehnologiýasy aşa yssa we radiasiýa bilen gaplanan daşky gatlagyň özboluşlyklaryna çydamly boljak görnüşde dizaýn ediler.



Degişli Habarlar