ABŞ we Ysraýyl Harby-howa türgenleşigini geçirdiler
Ysraýylyň inwentarynda 16 sany F-35 uçary bar
ABŞ-nyň Merkezi güýçler serkerdeligi (SENTKOM), ABŞ-e degişli F-35 uçarlarynyň Ysraýyla degişli F-35 uçarlar bilen birlikde Ysraýylyň howa giňişliginde umumy harby türgenleşik geçirendigini habar berdi.
SENTKOM-yň Harby-howa güýçlerinden (AFSENT) berilen ýazmaça beýanatda, ABŞ-Ysraýyl Harby howa güýçleri tarapyndan şu ýyl 3-nji gezek geçirilýän we F-35 uçarlarynyň gatnaşýan "Enduring Lightening III" atly harby türgenleşigiň tamamlanandygy mälim edildi.
Beýanatda tanker we radar uçarlary bilen birlikde F-16 uçarlarynyň türgenleşikde duşman uçarlary hökmünde rol alandygy aýan edildi.
Ysraýylyň inwentarynda 16 sany F-35 uçary bar.
Degişli Habarlar
“Polşa Ýadro Ýaraglarynyň Ornaşdyrylmagyna Taýar”
Prezident Duda, 22-nji aprelde ýurduna ýadro ýaraglarynyň ornaşdyrylmagyna taýardyklaryny aýdypdy.
Peruda awtbus heläkçiligi başdan geçirildi
Ýurduň demirgazygynda ýerleşýän Selendin şäherinde bir awtobus gaýadan aşak gaçdy