Tebigy Apatlar Sebäpli 1,23 Milllon Adam Ýogaldy

2019-2020-njy ýyllarda başdan geçirlen apatlarda 1,23 million adam ýogaldy.

1507843
Tebigy Apatlar Sebäpli 1,23 Milllon Adam Ýogaldy

 

2019-2020-njy ýyllarda başdan geçirlen uly 7 mün 348 apatda 1,23 million adam ýogaldy.

BMG-nyň “Halkara Tebigy apatlar howpynyň azaldylmagy günü” mynasibetli çap eden habarnamasyna görä, 2019-2020-njy ýyllarda uly 7 müň 348 apat başdan geçirildi.

Habarnama görä, şol tebigy apatlarda 1,23 million adam ýogaldy, apatlar 4,2 milliard adama ýaramaz täsirini ýetirdi. Ykdysady taýdan 3 trillion dollarlyk ýitgi çekilmegine sebäp boldy.

Habarnama görä, soňky 20 ýylda sil apatlary 2 esse artdy.

Sil apaty bilen birlikde tupanlar, tokaý ýangynlary, ýer titremeleri we sunamilar hem artdy.

Tebigy apatlar sebäpli Hytaý, ABŞ, Hindistan, Filippinler we İndoneziýa uly ýitgi çekdi.



Degişli Habarlar