ABŞ, Azerbaýjan Bilen Ermenistana Asuda Ilatyň Nyşana Alynmazlygy Üçin Çagyryş Berdi

Maýk Pompeo, sebitde asuda ilatyň ýitgi çekmegine gynanç bildirýändiklerini belledi

1508528
ABŞ, Azerbaýjan Bilen Ermenistana Asuda Ilatyň Nyşana Alynmazlygy Üçin Çagyryş Berdi

 

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo, Azerbaýjan bilen Ermenistana, ylalaşyga laýyklykda hereket etmekleri we asuda ilatyň nyşana alynmazlygy üçin çagyryş berdi.

Maýk Pompeo, Twitterden Daglyk Garabag barada beren habarnamasynda, sebitde asuda ilatyň ýitgi çekmegine gynanç bildirýändiklerini we meseläniň parahatçylykly ýagdaýda çözülmegine goldaw berýändiklerini belledi.

Pompeo, “ABŞ, Azerbaýjan bilen Ermenistana, ylalaşyga laýyklykda hereket edilmegi we Genje bilen Hankendi ýaly ilatly ýerlere guralýan hüjümleriň bes edilmegi üçin çagyryş berýär” diýdi.

Ermenistana, Genjede asuda ilaty nyşana alýan hüjümleriň bes edilmegi üçin çagyryş beren Pompeonyň, Ermenisanyň goşunyna degişli ýerleriň nyşana alynýan ýerleri Hankendide asuda ilata hüjüm guralandygy baradaky asylsyz ermeni garaýyşlaryna hem ýer bermegi ünsi çekdi.

Ermenistan bilen Azerbaýjan, Russiýanyň paýtagty Moskwada geçirlen gepleşiklerde 10-njy oktýabrdan ýerli wagt bilen 12.00-dan başlap Daglyk Garabagdaky jesetleriň we ýesirleriň çalşygyny göz öňünde tutýan gumanitar maksatly hüjümleriň bes edilmegi meselesinde ylalaşyk gazanypdy.

Ermenistanyň goşuny ylalaşygyň yzy ýanyndan heniz 24 sagat geçmänkä Azerbaýjanyň Genje şäherine raketalar bilen hüjüm etdi. Hüjümde asuda ilatdan 10 adam ýogaldy, 34 adam ýaralanypdy.



Degişli Habarlar