Eýranyň günbatarynda ýaragly çaknyşyk boldy

IRNA çaknyşyklar bilen bagly beýanat berdi

1507598
Eýranyň günbatarynda ýaragly çaknyşyk boldy

Eýranyň günbataryndaky Kamýaran we Meriwan etraplarynda, Ynkylap goragçylaryna degişli howpsuzlyk güýçleri bilen ýaragly toparlaryň arasynda bolan çaknyşykda guramanyň 3 agzasy öldürildi. 

Eýranyň resmi IRNA habarlar agentliginde berilen beýanata görä, Ynkylap goragçylaryndan berilen ýazmaça beýanatda: "Bu hepde Kamýaran we Meriwan etraplarynda hökümete garşy bolan toparlara garşy geçirilen 2 aýry üstünlikli operasiýada 3 terrorçy öldürildi, guramanyň 3 agzasy bolsa ýaralandy. Ýaralananlaryň biri howpsuzlyk güýçleri tarapyndan ele salyndy" diýip habar berildi. 

Operasiýanyň barşynda köp mukdarda ýarag, ok-däri we aragtnaşyk enjamlary ele salyndy, tussag edilen guramanyň agzasynyň daşary ýurtlydygy mälim edildi. 

Eýranyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Günbatar Azerbaýjan welaýatynda düýn howpsuzlyk güýçleri bilen terror guramasy PKK-nyň Eýrandaky şahasy PJAK we gaçgak bir toparyň arasynda bolan 2 aýry ýaragly çaknyşykda Eýranly 2 esgeriň ýogalandygy beýan edilipdi. 


Etiketkalar: #günbatar , #Eýran , #çaknyşyk , #IRNA

Degişli Habarlar