Kovid-19 dünýä ýurtlaryna howp ýetirmäge dowam edýär

Dünýäde koronawirusdan soň saglyk ýagdýay gowulaşanlaryň sany bolsa 28 million 361 müň adama ýetdi

1507143
Kovid-19 dünýä ýurtlaryna howp ýetirmäge dowam edýär

Dünýäde täze görnüş koronawirus epidmeiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1 million 81 müň adama, wirus ýokanlaryň sany 37 million 754 müň adama, saglyk ýagdýay gowulaşanlaryň sany bolsa 28 million 361 müň adama ýetdi. 

Hindistanda ýene-de 816 adamyň ýogalmagy bilen, ýurtda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 109 müň 184 adama ýetdi. Hindistanda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa soňky 24 sagatda 66 müň 732 adamlyk artyş bilen, 7 million 120 müň adama ýetdi. 

Yrakda Kovid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 9 müň 852 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 402 müň 330 adama ýetdi. 

Koronawirus epidemiýasy sebäpli 6 müň 580 adamyň ýogalan Pakistanda wirusa ýoluganlaryň sany 319 müň 317 adama ýetdi. 

Ysraýylda Kovid-19 sebäpli jemi 1 müň 983 adam ýogaldy. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 291 müň 828 adama ýetdi. 



Degişli Habarlar