Dünýäde Kovid-19-a ýoluganlaryň sany 35 million 424 müň 260 adama ýetdi

Dünýäde koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 26 million 639 müň 440 adama ýetdi

1503031
Dünýäde Kovid-19-a ýoluganlaryň sany 35 million 424 müň 260 adama ýetdi

 

Dünýä derejesinde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1 million 42 müň 180 adama, wirusa ýoluganlaryň sany 35 million 424 müň 260 adama, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 26 million 639 müň 440 adama ýetdi. 

Hindistanda soňky 24 sagatda ýene-de 903 adamyň ýogalmagy bilen, ýurtda Kovid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 102 müň 714 adama ýetdi. Ülkede wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 74 müň 442 adamlyk artyş bilen 6 million 623 müň 815 adama ýetdi. Hindistan wirusa ýolugan adamlaryň sanynyň köplügi boýunça dünýäde 2-nji oruna geçdi.

Koronawirus epidemiýasy sebäpli 26 müň 957 adamyň ýogalan Eýranda Kovid-19-a ýoluganlaryň sany 471 müň 772 adama ýetdi. 

Russiýada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 117 adam artyp, 21 müň 475 adama ýetdi. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 10 müň 888 adamlyk artyş bilen 1 million 225 müň 889 adama ýetdi. 

Günorta Afrika Respublikasynda soňky 1 günde ýene-de 38 adamyň Kovid-19 sebäpli ýogalmagy bilen, ýurtda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 16 müň 976 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 1 müň 753 adamlyk artyş bilen 681 müň 289 adama ýetdi. 

Yrakda Kovid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 52 adam artyp, 9 müň 399 adama ýetdi. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 3 müň 210 adamlyk artyş bilen 379 müň 141 adama ýetdi. 

Tunisde soňky 1 günde Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 45 adam artyp, jemi 321 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 2 müň 209 adamlyk artyş bilen 22 müň 230 adama ýetdi. 

Ysraýylyň gabawy astynda bolan Gazada Kovid-19-a garşy görülýän çäreleriň çäginde 1 aý bäri ýapyk bolan metjitler düýn ýaňadandan açyldy. Gazada 24-nji awgustda başlan köçä çykmak gadagançylygy dowam edýär. Köçä çykmak gadagançylygyna garamazdan Gazadaky ýaşaýyş ýerlerindäki Kovid-19 wakalaryň artyşy ünsleri özüne çekýär. 

Liwiýada epidemiýa sebäpli ýene-de 14 adam ýogaldy, 722 adam bolsa hasaba alyndy. Şeýlelik bilen ýurtdaky adam ýitgisi 592-ä, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 36 müň 809 adama ýetdi. 

Bahreýnde Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 4 adamlyk artyş bilen 259 adama, wirus ýokanlaryň sany bolsa 505 adamlyk artyş bilen 72 müň 308 adama ýetdi. 

Omanda 29-njy sentýabrdan bäri Kovid-19 sebäpli ýene-de 42 adam ýogaldy, 2 müň 685 adam bolsa hasaba alyndy. Şeýlelik bilen ýurtda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 977 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 101 müň 270 adama ýetdi. 

Adam ýitgisi 426 adama ýeten BAE-de, Kovid-19-a ýoluganlaryň sany 1 müň 41 adamlyk artyş bilen 98 müň 801 adama ýetdi. 

Şu günki güne çenli 216 adamyň ýogalan Katarda ýene-de 159 adamyň wirusa ýolugandygy anyklandy. Ýurtda Kovid-19-a ýoluganlaryň sany 126 müň 441 adama ýetdi. 

Moldowada Kovid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 13 adamlyk artyş bilen 1 müň 366 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 691 adamlyk artyş bilen 56 müň 579 adama ýetdi. 

Kovid-19 sebäpli adam ýitgisi Marokkoda 2 müň 330-a, Belarussiýada 857-ä, Özbegistanda 477-ä, Iordaniýada 101-a, Täjigistanda 78-e ýetdi. 



Degişli Habarlar