ÝB Geňeşi Çaknyşyklaryň Bes Edilmegi Üçin Çagyryş Berdi

ÝB Geňeşiniň başlygy Mişel, Aliýew we Paşinýan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

1500519
ÝB Geňeşi Çaknyşyklaryň Bes Edilmegi Üçin Çagyryş Berdi

 

ÝB Geňeşiniň başlygy Çarles Mişel Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew we Ermenistanyň Premýer ministri Nikol Paşinýan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Mişel mesele hakyndaky beýannamasynda, Aliýew we Paşinýan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini mälim etdi.

Daglyk Garabagda dartgynlygyň möwjemegine alada bildirýändigini nygtan Mişel, çaknyşyklary ýazgarýandygyny we hüjümleriň gyssagly bes edilmelidigini belledi.

“Ýeke-täk çözgüt gepleşik geçirmek” diýen Mişel, Ýewropada Howpsyzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň tagallalaryna goldaw berilmelidigini we asuda ilatyň goralmalydygyny nygtady.



Degişli Habarlar