ÝHHG Azerbaýjan bilen Ermenistany Hüjümleri Bes Etmäge Çagyrdy

Gurama dartgynlygyň gepleşikler arkaly çözülmelidigini beýan edýär

1498545
ÝHHG Azerbaýjan bilen Ermenistany Hüjümleri Bes Etmäge Çagyrdy

Ýewropada howpsyzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda Daglyk Garabagda dowam edýän çaknyşyklar sebäpli köp sanly adam pidasynyň bolandygyna ünsi çekip, adam pidalarynyň artmazlygy üçin taraplary dessine hüjümleri bes etmä çagyrdy.

Guramadan berilen ýazmaça beýannamada ÝHHG-nyň döwürleýin Başlygy we Albaniýanyň Premýer-ministri Edi Ramanyň Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda dowam edýän çaknyşyklar hakyndaky garaýyşyna orun berilýär.

Rama Daglyk Garabagda iki ýurduň arasynda artýan dartgynlyk we çaknyşyklar sebäpli asuda ilatyň çekýän ýitgisiniň artýandygyna ünsi çekip; “Bu çaknyşyk sebäpli adam pidalarynyň sany artmanka degişli daraplary hüjümleri gyssagly bes etmäge çagyrýaryn” diýdi.

Sebitdäki şertleriň durnuklaşdyrylmagy üçin ediljek ähli tagallany doly golýandygyny nygtan Edi Rama, iki ýurduň arasyndaky çaknyşygyň ýeke-täk çözgüdiniň parahatçylykly gepleşiklerden ybaratdygyny beýan etdi. Rama çaknyşyklarda aradan çykanlaryň hossarlaryna duýgudaşlyk bildirdi.

Ermenistan-Azerbaýjan front liniýasynda düýn irden ermeni güýçleriniň Azerbaýjanyň ilatly ýerlerine od açmagy sebäpli çaknyşyklar başlapdy.

Azerbaýjanyň goşunlary garşy hüjüme geçip, käbir ilatly ýerleri halas edipdi.



Degişli Habarlar