Maýk Pompeo Ýens Stoltenberg bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1498356
Maýk Pompeo Ýens Stoltenberg bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygyndan berilen beýanatda, telefon söhbetdeşliginiň barşynda Transatlantik hyzmatdaşlygy, Gündogar Ortaýer deňizindäki ýagdaý bilen NATO-nyň jebisliginiň ähmiýetiniň maslahatlaşylandygy habar berildi. 

Beýanatda, Maýk Pompeonyň türk we grek liderleriň gepleşiklere başlajakdyklary baradaky beýanatlaryna hoşallyk bildirýändikleri we dartgynlygyň azaldylmagy üçin çagyryş berýändikleri aýan edildi. 



Degişli Habarlar