NATO Azerbaýjan-Ermenistan front liniýasynda çaknyşyklaryň bes edilmegi barada çagyryş berdi

NATO Azerbaýjana we Ermenistana front liniýasynda başdan geçirilýän çaknyşyklaryň bes edilmegi barada çagyryş berdi

1498249
NATO Azerbaýjan-Ermenistan front liniýasynda çaknyşyklaryň bes edilmegi barada çagyryş berdi

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenbergiň Kawkaz we Orta Aziýa boýunça ýörite wekili Jeýms Appathurai beren ýazmaça beýanatynda, NATO-nyň Daglyk Karabagda front liniýasynda başdan geçirilýän çaknyşyklara uly alada bildirýändiklerini habar berdi. 

Asuda ilatyň arasynda adam ýitgileriniň bardygyny aýdan Appathurai: "Taraplar gyssagly ýagdaýda çaknyşyklary bes etmeli" diýip nygtady. 

Düşünişmezçiliklere harby taýdan çözgüt tapyp bolmajakdygyny aýdan Appathurai: "Taraplar parahatçylykly çözgüt üçin gepleşikleri ýaňadandan başlatmalydyr. NATO Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Minsk toparynyň tagallalaryna goldaw berýär" diýip habar berdi. 


Etiketkalar: #Ermenistan , #Azerbaýjan , #NATO

Degişli Habarlar