Russiýada Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 19 müň 799 adama ýetdi

Russiýada wirus ýokanlaryň sany bolsa 6 müň 431 adam köpelip, 1 million 122 müň 241 adama ýetdi

1495862
Russiýada Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 19 müň 799 adama ýetdi

Dünýä derejesinde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 975 müň 955 adamdan geçdi. Dünýäde wirusa ýoluganlaryň sany 31 million 812 müň 860 adamdan, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 23 million 419 müň 365 adamdan geçdi. 

Russiýada soňky 1 günde Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 150 adam artyp, 19 müň 799 adama ýetdi. Ýurtda wirus ýokanlaryň sany bolsa 6 müň 431 adam köpelip, 1 million 122 müň 241 adama ýetdi. 

Hindistanda ýene-de 1 müň 86 adamyň ýogalmagy bilen, ýurtda Kovid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 90 müň 77 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 83 müň 347 adamlyk artyş bilen jemi 5 million 650 müň 540 adama ýetdi.  

Saud Arabystanynda Kovid-19 sebäpli ýene-de 30 adam ýogaldy. Ýurtda koronawuris sebäpli ýogalanlaryň sany 4 müň 542 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 522 adamlyk artyş bilen 330 müň 798 adama ýetdi. Hökümet Kovid-19-a garşy görülen çäreleriň çäginde takmynan 6 aý ýapyk bolan Umra zyýaratlaryny 4-nji oktýabrda tapgyrlaýyn häsýetde açmaga başlajakdygyny habar berdi. 

Yrakda Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany ýene-de 57 adam artyp, 8 müň 682 adama, wirus ýokanlaryň sany bolsa 4 müň 724 adamlyk artyş bilen, 327 müň 580 adama ýetdi. 

Koronawirus epidemiýasy sebäpli jemi 9 müň 837 adamyň ýogalan Indoneziýada, ýurdyň Döwlet baştutany Joko Widodo Kovid-19 sanjymy üçin ähli ýurtlaryň deň ygtyýara eýe bolmalydygyny belledi. 

Afrika materiginde epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 244 adamlyk artyş 34 müň 378 adama ýetdi. Materikde wirus ýokanlaryň sany bolsa 7 müň 365 adamlyk artyş bilen 1 million 427 müň 620 adama ýetdi. Afrikada koronawirus sebäpli iň köp adam ýitgisi 16 müň 118 adam bilen Günorta Afrika Respublikasy, 5 müň 806 adam bilen Müsür, 1 müň 889 adam bilen Alžirde hasaba alyndy. 

Koronawirus epidemiýasy sebäpli 1 müň 316 adamyň ýogalan Ysraýylda, girizilen karantin düzgünlerine garamazdan soňky 24 sagatda ýene-de 6 müň 861 adamyň Kovid-19-a ýolukmagy bilen, wirusa ýoluganlaryň sany 200 müň 41 adama ýetdi. 



Degişli Habarlar