“2017-nji Ýylda Asadyň Öldürilmegi Üçin Buýruk Bermek Isledim”

Donald Tramp Başar Asadyň öldürilmegi üçin buýruk bermek isländigini aýtdy

1491278
“2017-nji Ýylda Asadyň Öldürilmegi Üçin Buýruk Bermek Isledim”

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp 2017-nji ýylda himiki ýarag bilen guralan hüjümden soň Siriýada Başar Asadyň janyna kast etmek buýruk bermek isländigini, emma şol wagtky Goranmak ministri Jim Mettisiň oňa garşy durandygyny aýtdy.

Tramp “Fox” teleýaýlymynda berilen “Fox and Friends” atly gepleşikde žurnalist Bob Wudwardyň täze çykan kitabynda “Tramp, 2017-nji ýyldaky himiki hüjümden soň Başar Asadyň öldürilmegi üçin buruk bermek isledi” görnüşli öňe sürmelere jogap berdi.

Tramp Asady öldüren bolsadym. Emma şol wagtky Goranmak ministri Jim Mattis oňa garşy durdy. Ol gereğinden artyk sylanýan generaldy” diýdi.

Tramp, “Asady öldürmekden puşman bolup bolmajydygy” soralanda bolsa: “Ýok bolman. Onuň dirisi bilenem ölüsi bilenem göreşip bilerin. Eger islän bolsadym, ony öldürip bilerdim, emma Mattis oňa garşydy” diýip jogap berdi.



Degişli Habarlar