Ýaponiýada Ýer Titredi

Ýer titremesinden soň sunami duýduryşy berilmedi

1489239
Ýaponiýada Ýer Titredi

Ýaponiýanyň Honşu adasynyň demirgazyk gündogarynda ýerleşýän Miýagi welaýatynda 6,1 we 5 bal ululygynda iki ýer titremesi boldy.

Metralogiýa gullugyndan berlen beýanata görä, ýerli wagt bilen 11.44-de we 11.50-de bolan ýer titremeleri golaýdaky Aomori, Iwate, Akita, Ýamagata we Fukuşima welaýatlarynda hem täsirli boldy.

Metralogiýa gullugy ýer titremesinden soň sunami duýduryşyny bermedi.



Degişli Habarlar