Bahreýn Ysraýyl Bilen Ylalaşyk Gazandy

“Ysraýyl bilen Bahreýniň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň başlamagy üçin ylalaşyk gazanyldy”

1489228
Bahreýn Ysraýyl Bilen Ylalaşyk Gazandy

 

Bahreýn, ABŞ-nyň ýolbaşçylygynda, Ysraýyl bilen diplomatiýa taýdan gatnaşyk etmek üçin ylalaşyk gazanandygyny mälim etdi.

Bahreýniň BNA habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Bahreýiniň Şasy Hamad Bin Isa al Halife we Ysraýylyň Premýer ministri Binýamin Netanýahu bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Habarda “Ysraýyl bilen Bahreýniň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň başlamagy üçin ylalaşyk gazanyldy” diýildi.

Trampyň Bahreýini, 15-nji sentýabrda Ak Tamda Ysraýyl bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda baglaşyljak şertnamanyň gol çekişlk dabarasyna çagyrandygy nygtaldy.

Habarda Bahreýiniň Şasy Hamadyň çakylygy kabul edendigi we Daşary işler ministri Abdullatif Bin Raşid Ez Ziýanyň dabara gatnaşjakdygy ýatladyldy.

Bahreýniň Şasy Hamad “Halkara hukugyna laýyklykda iki döwletli çözgüde goldaw berýändiklerini” nygtady.

Bahreýn, 1979-njy ýylda Müsüriň, 1994-nji ýylda Iordaniýanyn we 13-nji awgustda BAE-den soň Ysraýyl bilen ylalaşyk gazanan 4-nji arap ýurdy boldy.


Etiketkalar: #ylalaşyk , #Ysraýyl , #Bahreýn

Degişli Habarlar